GS1 Türkmenistan - dünýä söwdasyna tarap Siziň üçin ak ýoly açýar!
GS1 eltip bermegiň dünýä halkalarynyň (önümçilikden başlap – bölek söwda çenli) netijeliligini ýokarlandyrmagyň, saglygy goraýyş ulgamynyň we işiň beýleki ulgamlarynyň hereket etmeginiň standartlaryny kesgitleýär. Bu ştrih-kodlarda we RFID belliklerde ýerleşdirilýän özboluşly belgileriň, şeýle hem, önüm hakyndaky maglumaty dogry dolandyrmagyň binýadynda amala aşyrylýar.
GS1 ulgamy işewürlik üçin umumy binýady emele getirmek bilen, harytlar, hyzmatlar, ýerleşýän ýerleri, esasy serişdeler we resminamalar hakyndaky möhüm maglumatlary özboluşly anyklamaga, çuňňur seljermäge we awtomatik usulda alyş-çalyş etmäge mümkinçilik berýär.
Biz Siziň işewürligiňize söwda hyzmatdaşlaryňyz bilen maglumat alyş-çalşygynda aýdyňlygy we ygtybarlylygy üpjün etmek bilen, Siziň işiňiziň we hyzmatyňyzyň netijeliligini, dessinligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak arkaly, bäsdeşlik ukybyňyzy artdyrmaga ýardam berýäris.
GS1 standartlary biziň ýaşaýan we zähmet çekýän dünýämizi kämilleşdirmäge ýardam berýär.
Giňişleýin
-
Has köpGlobal Registry. Bu näme?
Global Registry. Önüm öndürijileriň we riteýlerleriň halkara katalogy.
-
Has köpVerified by GS1
Brend eýesi tarapyndan berlen hakyky önüm maglumatlary tapmak üçin GS1 platformasy tarapyndan tassyklanan gözleg.
-
Has köpGS1 ştrih-kod
Bu önümiňiziň wizitkasy we global fiziki we elektron söwda üçin açyk ýol!
-
Has köpŞtrih-koduň eýesi kim?
GEPIR, GS1 ulanyjylaryny bütin dünýäde tapmaga we GS1 önüm açarynyň kimdigini barlamaga mümkinçilik berýän GS1 global maglumat sanawydyr.
-
Has köpGS1 ulgam ulanyjynyň şahsy otagy
Önümleriňiz üçin ştrih-kod belgilerini onlaýn alyň.
-
Has köpKontrol sany näme?
Ähli GS1 kesgitlenen uzynlyk san belgileriniň iň soňky belgisi, ştrih-koduň dogry ýazylmagyny üpjün edýän hasaplanan barlag belgisidir.
-
Has köpEsasy ýöritenama
Esasy ýöritenamalar GS1 çyzykly şertli belgileriň we anyklaýyş açarlaryň ulanyş düzgünlerini düşündirýär.
-
Has köpGönükdirijiler
Çyzykly şertli belgiler bilen kodlamak we önümleri anyklamak boýunça esasy GS1 standartlarynyň ulanyjy gönükdirijileri.
-
Has köpGS1 standartlary
GS1 standartlary anyklaýyşyň umumy dili, harytlaryň üpjünçilik zynjyrlarynda maglumatlary ýygnamak we çalyşmak, munuň bilen baglylykda degişli maglumatlaryň elýeterliligine, dogrylygyna we aňşat düşnükliligine kepillik bilen hödürleýär.