GS1 halkara ulgamy özboluşly we GS1 anyklaşdyryş açarlarda kesgitlenen standart görnüşleri peýdalanmak bilen, dünýä identifikasiýa etmegiň gaýtalanmajak we anyk kesgitlenen ulgamyny hödürleýär.
Kärhanalar harytlary eltip bermegiň zynjyry hakynda maglumatlara elýeterliligiň netijeli görnüşlerini saýlamak we özleriniň söwda hyzmatdaşlaryna bu maglumatlaryň berilmegi üçin GS1 identifikasion açarlary peýdalanyp bilerler.
GS1 identifikasion açarlary guramalara önümlere, resminamalara, ýerleşýän ýerine we beýlekilere standart identifikatorlary bermäge mümkinçilik berýär.
GS1 identifikasion açarlarynyň ählumumy özboluşlygyny nazara almak bilen, olar ol ýa-da beýleki guramalar bilen bilelikde peýdalanylyp bilner, bu bolsa, söwda hyzmatdaşlary üçin önümleri eltip bermegiň aýdyňlygyny we olary yzarlamak mümkinçiligini ýokarlandyrýar.
GS1 identifikasion açarlaryny döretmek üçin, siziň guramaňyz GS1 Türkmenistanyň agzasy bolmagy we GS1 ulgamynda Kärhananyň ählumumy prefikisini almagy hökmanydyr. Bu bolsa, siziň identifikasion açarlary döretmegiňiziň binýady esasy bolar.
Siz bu açarlary eltip bermegiň ähli gatnaşyjylaryny, önümi öndürijiden başlap, tä ahyrky sarp edijini identifisirlemek üçin peýdalanyp bilersiňiz. Aşakda getirilen eltip bermegiň adaty görnüşi hökmünde mysala ýüzlenip bileris.

GS1-iň bolup geçen ýagdaýy we degişli maglumaty baglanyşdyrmaga mümkinçilik berýän 12 sany identifikasion açarlary bar. Olar hakyndaky maglumat bilen, aşakda getirilen tablisadan tanyşyp bileris.
| Identifikasion açarlar | Identifikasiýa etmek üçin peýdalanylýar | Mysal |
| Söwdanyň närsesiniň ählumumy belgisi (GTIN) | Harytlar we hyzmatlar | Çorbaly konserwa gutulary, plitka şokolady, aýdym albomy |
| Ählumumy identifikasion belgi (GLN) | Taraplar we ýerleşýän ýer | Şereketler, ammarlar, fabrikalar, dükanlar |
| Ýük konteýnerleriniň ählumumy-özblouşly kody (SSCC) | Logistiki birlikler | Ýüküň palletdäki birligi, gutudaky ugratmalar |
| Yzyna ugradylýan taranyň ählumumy identifikatory (GRAI) | Yzyna ugradylýan tara | Palletler, gutular |
| Emlägiň ählumumy identifikatory (GIAI) | Emläk | Lukmançylyk, önümçilik, ulag we IT enjamlary |
| Hyzmatyň ählumumy belgisi (GSRN) | Hyzmaty ediji we gatnaşygyň taraplary | Ygrarlylyk maksatnamalarynyň agzalary, hassahanalardaky lukmanlar, kitaphanalaryň agzalary |
| Resminamanyň görnüşiniň ählumumy identifikatory (GDTI) | Resminamalar | Ugradyş we salgyt namalary, sürüjilik şahadatnamasy |
| Harydyň ugradylan böleginiň belgisiniň ählumumy identifikatory (GINC) | Harytlar üçin konsignasiýa | Ýük bilen bilelikde umman konteýnerlerinde daşalýan logistiki birlikler |
| Ýüki ugratmagyň ählumumy identifikasion belgisi (GSIN) | Ýüki ugratmak | Sarp edijä ýük bilen bilelikde eltilip berilýän logistiki birlikler |
| Kuponyň ählumumy belgisi (GCN) | Kuponlar | Sanly kuponlar |
| Identifikasiýanyň düzüm birliginiň bölegi (CPID) | Düzüm birlikleri we bölekler | Awtoulaglaryň şaý-sepleri |
| Modeliň ählumumy belgisi (GMN) | Önümiň modeli | Lukmançylyk enjamlary |