EDI (Geleşigiň maglumatlary)

EDI (maglumatlaryň elektron alyş-çalşygy) – düzgünleşdirilen tertibe we habarlaryň standartyna esaslanýan, sanly gurluşa eýe bolan, guramalaryň arasynda işewürlik maglumatyny alyş-çalyş etmäge mümkinçilik berýän tehnologiýa.

GS1 MEAÇ elektron işewürlik hatlaryň alyş-çalşygyny amala aşyrmagyň global standartyny özünde saklaýar. Bu standartlar söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda ylalaşylan işewürlik maglumatyny elektron usulda awtomatik geçirmäge mümkinçilik berýär.Işiň awtomatik usulda amala aşyrylmagy bolsa, dessinligi, netijeliligi we takyklygy üpjün edýär.

Häzirki wagtda, GS1 bir-biriniň üstüni doldurýan MEAÇ standartlarynyň üç toplumyna eýedir:

  • GS1 EANCOM®
  • GS1 XML
  • GS1 UN/CEFACT XML

Bu standartlar dürli ulanyjylar tarapyndan bir wagtda işlenip düzüldi, emma XML standarty internet tehnologiýalaryny ulanyp maglumat alyşmak üçin has amatlydyr.

Her gün işewürlik ulgamynda kagyz resminamalaryň ep-esli bölegi döredilýär we gaýtadan işlenilýär. Ol satyn alyş sargytlaryny, hasaplary we önümleriň kataloglaryny, satuw hasabatlaryny we ş.m. gurşap alýar. Şeýle-de bolsa, şeýle maglumatlaryň täjirçilik amallary baglaşylan wagtynda harytlaryň ýanyna goşulyp goýberilmegi maksadфlaýyk hasaplanylýar. Maglumatyň elektron alyş-çalşygy bu işi dolandyrmagyň iň täsirli mehanizmini üpjün edýär.

MEAÇ näme we ol nirede zerur?

1. MEAÇ artykmaçlygy nämeden ybarat?

Häzirki wagtda işewürlik resminamalaryndaky maglumatlaryň köpüsi kompýuter programmalaryndan emele gelýär. Kagyz resminamalary içindäki maglumatlar, ilki bilen poçta ýa-da faks boýunça iberilmänkä çap edilýär ýa-da nusgasy alynýar. Şu ýerde, işewür hyzmatdaşyň öz gezeginde, maglumatyň üstünde işlemek üçin ähli maglumatlary başga bir kompýuter programmasyna el bilen täzeden girizýär. Bu haýal, gymmat we ygtybarsyz usuldyr.

Maglumatyň elektron alyş-çalşygy söwda hyzmatdaşlaryny işewürlik maglumatlaryny gönüden-göni bir kompýuterden beýleki kompýutere geçirmegiň täsirli usuly bilen üpjün edýär. Şeýle hem, şereketler indi kompýuter ulgamlarynyň arasyndaky çaprazlyklar hakynda alada etmeli däldirler. EANCOM habarlaşma standartlaryny ulanyp, ulanyjynyň programma üpjünçiligine ýa-da enjamyna garamazdan maglumatlar çalt, täsirli we takyk geçirilýär.

MEAÇ maglumatyň alyş-çalyş işini ýeňilleşdirýär, bu bolsa wagt we gymmaty bilen baglanyşykly çykdajylary azaladýar.

MEAÇ üstünlikli durmuşa geçirilmegi şerekedi we onuň işewürlik hyzmatdaşlaryna uly artykmaçlyklar bilen üpjün edýär:

Girdejililik: işlenýän resminamalaryň göwrüminiň ep-esli azalmagy administratiw çykdajylaryň we aýlyk zähmet haklarynyň azalmagyna getirýär. Işgärler şereketiň has möhüm wezipelerini durmuşa geçirmäge kömekleşip bilerler.

Maglumatlary gaýtadan işlemegiň tizliginiň ýokarlanmagy:  işewürlik maglumatlarynyň köp mukdary bir kompýuterden beýlekisine birnäçe minutda geçirilip bilner, bu bolsa jogabyň has çalt alynmagyna we müşderiniň isleginiň kanagatlandyrylmagyny üpjün eder.

Takyklygyň ýokarlanmagyMEAÇ maglumaty el bilen kompýutere girizmekde ýüze çykyp biljek ýalňyşlyklary aradan aýyrýar. Iň gowy logistika dolandyryşy we öndürijiligiň ýokarlanmagy: MEAÇ şereketlere önümçilik, satyn alyş we eltip bermek amallaryna has gowy gözegçilik etmäge we dolandyrmaga mümkinçilik berýär. MEAÇ öz wagtynda öndürmegiň we “Sargyda çalt üns bermek” esasynda işleýän müşderi-üpjün ediji zynjyrynyň esasy düzüm bölegi bolup, kadadan ýokary ätiýaçlyk wagtyň ep-esli azalmagyna getirýär.

2. MEAÇ we UN/EDFACT standartlary.

Maglumatyň elektron alyş-çalşygy iş tejribesinde täzeçilik däldir, käbir şereketler ony 1960-njy ýyllaryň soňundan bäri içerki talaplara esaslanyp ulanýarlar. Şeýle-de bolsa, MEAÇ-yň durmuşa geçirilmeginiň girdejili bolmagy üçin, söwda hyzmatdaşlary, iş we işewürlik işleri hakyndaky maglumatlary öz içine alýan habaryň alyş-çalşygynda umumykrar edilen dili ulanmalydyrlar. 1970-nji ýyllaryň ortalarynda birnäçe ýurtlarda MEAÇ-yň pudaklaýyn standartlary birleşdirildi, bu bolsa käbir ýagdaýlarda birnäçe ýyldan soň umumymilli standartlaryň döremegine getirdi. MEAÇ standartlarynyň dünýäniň işewür toparlarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmagy üçin halkara, köp pudakly MEAÇ standartynyň döredilmeginiň zerurdygy ýüze çykaryldy. 1980-nji ýyllaryň ortalaryna, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UN/ECE), Halkara Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça iş toparynyň (WFI4) işiniň çäginde MEAÇ standartynyň sudury kemala gelip başlady. 1987-nji ýylda UN/EDIFACT gysgaltmasy bilen tanalýan işewür aragatnaşyk üçin bu umumy diliň sintaksisi ýa-da grammatikasy ISO 9735 standarty hökmünde ykrar edildi.

UN/EDIFACT standarty ýa-da BMG-niň çäklerinde kabul edilen Dolandyryş, söwda we ulag üçin maglumatyň elektron alyş-çalşygy, maglumatlaryň elektron alyş-çalşygy üçin halkara derejesinde ylalaşylan standartlaryň, kataloglaryň we görkezmeleriň toplumydyr.

UN/EDIFACT guramaçylyk gurluşyUN/ECE WP.4 iş toparynda Ýewropa Komissiýasy, IATA, Halkara söwda palatasy, Halkara standartlaşdyryş guramasy, ISO, Halkara gämi palatasy we GS1 ýaly halkara guramalary we 60-dan köpräk ýurt wekilçilik edýär. GS1 Halkara asossiýasy milli, sebit we halkara derejesinde UN/EDIFACT standartyny döretmek işine işjeň gatnaşýar.