Ulanmagyň anyklaşdyryjysy – iki we köp belgiden ybarat bolup, gurluş birliginiň setiriniň başynda ýerleşýär. AI anyklaşdyryjysy - AI-den soňra gelýän maglumatlar meýdançasynyň görnüşini we mazmunyny kesgitleýän ýeke-täk prefiksdir.
AI anyklaşdyryjysyndan soňra gelýän maglumatlar dürli uzynlykda harp ýa-da san simwollarynda beýan edilip, 30 çenli simwoly özünde saklap bilýär. Maglumatlar meýdançasy AI anyklaşdyryjysyna baglylykda anyk kesgitlenilen ýa-da üýtgeýän ululykda bolup bilýär.
Haryt birligi ýa-da logistika bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlaryň öz-özünden hiç-hili manysy ýokdur. Bu maglumatlar AI anyklaşdyryjysynyň kömegi bilen UCC/EAN–128 beýan edilip bilner.
UCC/EAN–128 simwollary örän çeýedir. Ol maglumaty üýtgeýän ululykda beýan etmäge, şeýle hem maglumatyň birnäçe böleklerini bir ştrih-koda girizmäge mümkinçilik berýär. Bu birleşmä (konkatenasiýa) diýilýär.
Agram, meýdan we göwrüm babatyndaky goşmaça maglumatlar üçin AI birnäçe görnüşi bardyr. Ölçegleriň häsiýetnamalary söwda birlikleri tarapyndan peýdalanylanda netto ölçegi diýlip atlandyrylýar, eger logistik düzüm birligi hökmünde peýdalanylsa brutto ölçegi diýlip atlandy.

Mysal üçin, UCC/EAN–128 GTIN belgisini, satyş möhletini we ýüküň belgisini beýan edýär.
AI anyklaşdyryjylaryň peýdalanylmagy anyk düzgünlere laýyklykda amala aşyrylýar. Olaryň käbirleri beýlekiler bilen bilelikde ulanylmalydyr, mysal üçin AI (37) AI (02) soň gelýär. Käbir AI hiç wagt bilelikde ulanylmaýar, mysal üçin AI (01) we AI (02). Şereketleriň AI sanawyndan saýlamak isleýänlerini erkin saýlamaga hukuklary ýokdur, olar "GS1 umumy ýöriteleşmesinde" anyk beýan edilen esasy düzgünlere eýermelidirler
Has takyk maglumat üçin GS1 saýtyna ýüzlenip bilersiňiz.