EPCIS/CBV

Söwda hyzmatdaşlaryň arasynda alyş-çalyşyň närsesi bolup durýan ýagdaýlar hakyndaky maglumatlar hökmünde işewürlikde bolup geçen haýsydyr bir fiziki hadysanyň hasaba alynmagy we identifikasiýa edilmegidir. Mysal üçin, ýüküň ugradylmagy we kabul edilmegi hem-de ş.m., onuň näme üçin we haçan bolup geçendiginiň düşündirişidir. GS1 EPICS standarty (Maglumat hyzmatlary önüminiň elektron açary) – bu maglumata kesgitleme berýär we söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda bu maglumaty alyş-çalyş etmäge mümkinçilik döredýär.

EPICS we Işewürligiň esasy sözlügi (CBV)

EPICS GS1 standarty bolup, söwda hyzmatdaşlaryna öndürijiden sarp edijä çenli üpjünçilik zynjyry boýunça, önümiň daşalşy we ýagdaýy hakyndaky maglumatlary alyş-çalyş etmäge mümkinçilik berýär. Bu standart sarp edijileriň we düzgünleşdiriji häkimiýet edaralarynyň wekilleriniň önüm hakynda anyk we takyk maglumat almaklaryny üpjün edip, “näme, nirede, haçan we näme üçin?” soraglaryna jogap almaklaryna ýardam berýär.

EPICS-iň maksady hökmünde, bir-birine çapraz gelýän progammalara kärhananyň içerki ýagdaýlar we kärhanalaryň arasyndaky ýagdaýlar hakyndaky maglumatlary emele getirmäge, şeýle hem maglumat alyş-çalşygyny üpjün etmäge mümkinçiligi döretmek kabul edilýär. Maglumat alyş-çalşygyň maksady bolup, degişli işewürligiň jähtinden fiziki ýa-da sanly obýektler hakynda umumy standart maglumatlaryň ähli peýdalanyjylar üçin elýeterliligi çykyş edýär.

EPICS GS1 CBV (Işewürligiň esasy sözlügi) standarty bilen bilelikde peýdalanmak üçin işlenilip taýýarlanyldy. CBV EPICS standart bilen kesgitlenýän maglumatlary doldurmak üçin peýdalanylýan maglumatlaryň gymmatynyň kesgitlemesini berýär. CBV standartynyň çäginde kadalaýyn sözlügi peýdalanmak, wezipeleriň sazlaşygyny üpjün etmekde, şeýle hem maglumatlara salgylanylanda, işewürligiň görnüşine görä umumykrar edilen meýilleri beýan etmegiň derejesindäki dürlüligi azaltmakda örän möhüm bolup durýar.

EPICS standarty we Işewürligiň esasy sözlügi hakynda doly maglumat bilen tanyşmak üçin, GS1 sowatlylygyň global merkeziniň sahypasyna geçiň.