1 ädim: Kärhananyň GS1 prefiksini almak

Şereket ştrih-kodlary ulanmaga başlamazdan öň, bu ştrih-koda giriziljek sanlary almak zerurdyr. Bu sanlar GS1 anyklaşdyryş açarlar diýlip atlandyrylýar. GS1 açaryny döretmek bilen baglanyşykly ilkinji ädim – GS1 milli guramasyndan kärhananyň prefiksini almakdyr. Kärhananyň GS1 prefiksi şereketlere harytlar, logistik birlikler, ýerleşýän ýerler, harydyň tapgyry, kuponlar we ş.m. babatynda dünýäde ýeke-täk anyklaşdyryş açary döretmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda, kärhananyň GS1 prefiksini anyklaşdyrmak üçin 13 milliondan köpräk şereket peýdalanýar we eltip bermeleriň zynjyry boýunça dünýäde ýeke-täk anyklaşdyrmagyň binýadyny emele getirýärler.

2 ädim: Belgileriň dakylmagy
Kärhana GS1 Prefiksi alandan soňra, söwdanyň (söwda we hyzmat) predmetleri üçin anyklaşdyryş belgileri dakyp başlamaga taýýar, özi üçin (ýuridik şahs hökmünde), ýerleşýän ýerler, logistik birlikler, şereketiň şahsylaşdyrylan aktiwleri, yzyna gaýtarylýan birlikler (palletler, gutylar, boçkalar). Iş örän ýeňil. GS1 Türkmenistan milli guramasy kärhananyň GS1 prefiksine baglylykda, Siziň koduňyza näçe sany san belgisini girizip bilýändigiňiz babatynda zerur bolan maglumat bilen üpjün eder.
3 ädim: Ştrh-kody çap etmegiň saýlamak

Ştrih-kody çap etmegiň usulyny saýlamakda harydyň gelip çykyşy hem möhüm ähmiýete eýedir. Ýagny, takyk kesgitlenen agram (mysal üçin, wino çüýşesi) ýa-da üýtgeýän (mysal üçin, kelem). Eger haryt takyk kesgitlenen agramda bolsa, onuň anyklaşdyrylmagy üçin Söwda birliginiň global belgisi (GTIN) ulanylýar. Ol, dünýäde ýeke-täk bolan belgi bolup, onda eltip bermeleriň zynjyryna gatnaşyjylaryň ählisiniň maglumatlar binýadynda haryt babatynda edilen ýazgylara salgylanma saklanylýar. Şeýle haryt birliginiň ählisi birmeňzeş bolýar we onuň etiketkasyna şol bir ştrih-kod ýerleşdirilýär. Etiketkalary çap etmek üçin, çap etmegiň tipografik usulyny ulanmak maslahat berilýär.
Eger haryt üýtgeýän agramly bolsa, onda onuň anyklaşdyrylmagy üçin söwda birliginiň ýerli belgisi ulanylýar. Bu belgi diňe bir haryt hakyndaky ýazgylara salgyny saklamak bilen çäklenmän, haryt birliginiň fiziki agramy hakyndaky maglumaty hem saklaýar. Şu ýagdaýda, ştrih-kody lazer ýa-da termotransfer printerde çap etmek maslahat berilýär.
Ştrih-kodlary çap etmegiň usulyny saýlamak, kärhanada ştrih-kod ulgamyny ornaşdyrmagyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.
4 ädim: Okamagyň esasy gurşawyny saýlamak
Ştrih-koduň simwollary, onuň ölçegi, ýerleşýän ýeri we çap etmegiň hili saýlananda, ştrih-koduň okaljak ýeri möhüm ähmiýete eýedir.
Eger ştrih-kod kassa terminalynda (POS) ýa-da paýlaýyş merkezinde okalýan bolsa, onda, Siz kassa terminalynda okamak üçin niýetlenen simwollary ulanmak zerurdyr. Şonuň bilen birlikde, paýlaýyş merkezinde okaljak bolsa, etiketiň ölçeginiň uly bolmagy maksadalaýykdyr.
Hassahanalarda ýa-da dermanhanalarda lukmançylyk harytlaryndaky ştrih-kodlary okamak üçin, kassa terminalynda (POS) ählitaraplaýyn okalmagy talap edilmeýär.
5 ädim: Ştrih-koduň simwollaryny saýlamak
Ştrih-koduň netijeli ulanylmagy üçin, ştrih-koda degişli simwollary[ saýlanylmagy örän möhümdir. Bu saýlawyň esasy ýörelgeleri hökmünde aşakdakylary görkezmek mümkindir:
- eger, bölekleýin söwdanyň kassa terminalynda okaljak ştrih-kodly harydyňyza ştrih-kod zerur bolsa, onuň üçin EAN/UPC simwollaryny ulanmak zerurdyr. Bu simwollary POS ulgamy boýunça bütindünýäde okaljakdygy kepillendirilýär. Käbir ýagdaýlarda, GS1 DataBar simwollary ulanylyp bilner.
- Eger, ştrih-kod üýtgeýän maglumat bilen çap edilýän bolsa (mysal üçin, seriýa belgisi, ýaramlylyk möhleti ýa-da ölçeg ululygy), Siz GS1-128, GS1 DataBar ýa-da GS1 2D simwollary[ birini ulanyp bilerisiňiz.
- Eger, Siz sarp edijä giňişleýin maglumaty URL – salgylara girizilen ştrih-kodda bermek isleseňiz, onda GS1 2D simwollaryny ulanyň.
- Eger, GTIN (Söwda birliginiň global belgisi) özünde saklaýan ştrih-kod gofrokarton guta çap edilýän bolsa, onda ITF-14 simwoly ulanylyp bilner.
- Eger, Siz ştrih-koduň simwolyny saýlamakda maslahata zerurlyk duýsaňyz, onda maslahat üçin GS1 Türkmenistana ýüz tutup bilersiňiz.

6 ädim: Выбор размера штрихового кода
Ştrih-koduň simwollary kesgitlenilenden soňra, zerur bolan maglumaty koda girizmek üçin, etiketiň dizaýnini işläp taýýarlamalydyr. Etiketkadaky ştrih-koduň ölçegi simwollaryň görnüşine, ulanylýan gurşawyna we ştrih-kody çap etmegiň usulyna baglydyr.
Simwollaryň ölçegi.
X-ölçeg ştrih-koduň iň dar düzüm simwolyň giňligi bolup durýar. Ştrih-koduň belgisiniň anyk ölçegini kesgitlemek üçin, X-ölçeg hemişe simwolyň beýikligi bilen bilelikde ulanylýar.
Okamagyň her bir gurşawy üçin (ulanylýan maksadyna baglylykda) X-ölçegi we degişli beýikligi bilen simwollar görkezildi. Şeýle hem, belgileriň iň uly we iň kiçi ölçegleri görkezildi.
EAN/UPC simwollary.
EAN/UPC simwollary bölek söwdada ählitaraplaýyn skanerler bilen okalýar. Bu bolsa, EAN/UPC simwolynyň simwolyň beýikligi we giňligi boýunça tassyklanylan gatnaşygynyň bardygyny aňladýar. Haçan-da bir görkeziji üýtgedilse, onda degişli gatnaşykda beýleki görkeziji hem üýtgedilmelidir.
Käwagt, EAN/UPC simwolynyň etiketkada tutýan ýerini azaltmak üçin, simowlyň beýikligi gysgaldylýar. Gysgaltma diýlip atlandyrylýan bu ýagdaýyň EAN/UPC simwollarynyň ýöriteleşmesinde gadagan edilýändigi sebäpli, ondan peýdalanmak maslahat berilmeýär. Simwolyň gysgaldylmagy bölek söwdada ulanylýan ählitaraplaýyn skanerleriň okaýşynyň netijeliligini ep-esli peseledýändigi bilen baglanyşyklydyr.
Çap etmegi saýlamak.
Simwolyň ölçegi saýlananda, esasy üns berilmeli ýagdaýlaryň birisi hem, çap etmek mümkinçiligi bilen baglanyşyklydyr. Simwol üçin iň kiçi ölçeg (ulalmak koeffisiýenti) we ştrihleriň giňişliginiň degişli gysgaldylmagy (BWR) çap etmek, hat-da çap etmegiň tapgyryna baglylykda üýtgäp bilýär. Tipografiýa talap edilýän hili gazanmagy we saklamagy üpjün etmek üçin, iň kiçi ölçegi (ulalmak koeffisiýenti) we ştrihleriň giňişliginiň degişli gysgaldylmagyny (BWR) kesgitlemelidir.

Ştrih-koduň aşagyna ýerleşdirilen we Adam okap biljek görnüşde (HRI) diýlip atlandyrylýan sanlar hem möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi, ştrih-kod zaýalanandygy ýa-da hili pesdigi sebäpli, skaner tarapyndan okalmasa, onda, hut şu sanlar ştrih-kody okamak üçin ulanylýar.
Adam okap biljek görnüşi emele getirmek bilen baglanyşykly, iň köp berilýän soraglar:
1. Adam okap biljek görnüşi anyk kesgitlenen ölçegde bolmalymy?
Adam okap biljek görnüşdäki ýazgy anyk we belginiň özüne proporsional gatnaşykda bolmaly.
2. Adam okap biljek görnüşdäki maglumat ştrih-koduň ýokarsyndamy ýa-da aşagynda ýerleşýär?
Adam okap biljek görnüşdäki maglumat ştrih-koduň aşagyna ýerleşdirilýär we onuň bilen bilelikde toparlandyrylýar. Ştrih-koduň simwolynyň beýikligi iň pes ölçegden az bolmaly däl.
3. Men ştrih-koduň käbir simwollarynyň ulanylyşynyň Anyklaşdyryjysynda (AI) tegelek ýaýlary görýärin. Hakykatdan hem, olar şol ýerde bolmalymy we olar simwolyň ştrihlerinde hem-de boşlugynda kodlanýarmy?
Ulanyşyň aýdyňlaşdyryjylarynyö (AI) ählisi wizual okamak üçin, ýaýa girizilmeli, ýöne ýaýlar kodlanmaýar.
4. Men EAN/UPC adam okap biljek görnüşdäki simwolynda näçe sany sany ýazmaly?
-
-
- UPC-A simwolynyň aşagynda 12 sany san ýazylmaly.
- EAN-13 simwolynyň aşagynda 13 sany san ýazylmaly.
- UPC-E we EAN-8 simwollarynyň aşagynda 8 sany san ýazylmaly.
-
8 ädim: Ştrih-koduň reňklini saýlamak
Ştrih-kod simwoly üçin iň amatly reňk sazlaşygy ak fonda gara ştrihlerdir (fonda boşluklar we boş ýerler bar). Eger, Siz başga reňkleri ulanmak isleseňiz, aşakdaky maslahatlar Size reňkleriň sazlaşygyny saýlamaka kömek eder:
- GS1 ştrih-kod simwollary üçin goýy reňkler maslahat berilýär (mysal üçin, gara, goýy gök, goýy goňur ýa-da goýy ýaşyl).
- Ştrihler hemişe birmeňzeş reňkde bolmaly we dürli reňkleri ulanmak bilen çap edilmeli däldir.
- GS1 ştrih-kod simwollar üçin, boş zolaklar we boşluklar üçin (mysal üçin, ak) ýagty fony ulanmaga artykmaçlyk bermek maksadalaýyk bolar.
- Gyzyl reňkleriň kölegesini açyk fon hökmünde ulanmak maksadalaýykdyr. Gyzyl ýagtylygy bolan garaňky otagda bolup, Siz gyzyl ýazgyny okamak isleseňiz, gyzyl ýazgynyň görünmeýändigi sebäpli, Siz okap bilmersiňiz. Bu ýagdaý mämişi, gülgüne, şetdaly we açyk sary reňkelere hem degişlidir. Skanerleriň köpüsiniň okamak üçin gyzyl şöhläni ulanýandygyny nazara almak bilen, bu reňkleriň fon üçin ulanylyp bilinjekdiginiň, emma ştrihlerde ulanylyp bilinmejekdiginiň sebäbi düşüniklidir.
- Köp ýagdaýlarda ştrih-kod belgisi fonsuz çap edilýär. Fon hökmünde onuň çap edilýän ýeri ulanylýar. Eger, Siz ştrih-koduň aşagyna bir fon ulansaňyz, ol fonuň reňki birsudur bolmalydyr.
- Fonuň aýdyňlygyny peseltmek üçin, onuň çap ediljek ýerine birnäçe gat reňk çalyp bilersiňiz.
- Çap etmek üçin inkjet tehnologiýasyny ulanýan bolsaňyz, ähli ýeriň deň derejede reňklenýändigini hökman barlaň.
Ýokarda beýan edilişi ýaly, ştrih-kod simwoly üçin reňkleriň iň amatly sazlaşygy bolup, ştrihler üçin gara reňk we boşluklar üçin ak reňk kabul edilýär. Şeýle hem, reňkleriň beýleki sazlaşyklaryny hem ulanmaga ýol berilýär. Bu mesele boýunça GS1 Türkmenistandan ýa-da çap etmek hyzmatlaryny hödürleýän ýöriteleşdirilen şereketlerden maslahat alyp bilersiňiz.
9 ädim: Ştrih-kod ýereldiriljek ýerini saýlamak
Ştrih-kod simwolynyň ýerleşýän ýeri hökmünde, gap kabul edilýär.
Ştrih-kod siwmolyny ýerleşdirmek hakynda karar kabul edilende, önümi gaplamak işini hem nazara almak zerurdyr. Gaplama wagty, gaba ýerleşdirilen ştrih koduň görünip durmagyny ýa-da zyýan ýetmezligini (mysal üçin, gabyň gyrasyna düşmegi ýa-da üstüniň başga bir gaplaýjy seruişde bilen ýapylmazlygyny) gazanmak zerurdyr.
Simwolyň ýerleşýän ýeri kesgitlenilenden soňra, nyşanyň ugruny kesgitlemek maksady bilen çaphanadan maslahat alyň. Bu, çap etmek işiniň köp görnüşinde, ştrih-kody çap etmegiň çap edişiň anyk ugry boýunça çap edilmek talabyndan gelip çykýar.
Fleksografik çap edilişde, ştrihler çap ediş ugruna parallel ýerleşmelidir. Eger, ştrih çap edişiň ugruna perpendikulýar ýerleşýän bolsa, çap edýän enjamyň tegelek formasy sebäpli, belginiň kemçilikli bolmagynyň öňüni almaga çalyşmaly.
Çap etmegiň ýüpekşekli ýa-da rotograwýu usuly ulanylanda, belgi çap etmegiň ugruna parallel ýerleşmelidir.
GS1 ştrih-kodlaryny dogry ýerleşdirmek üçin "GS1 Esasy aýratynlyklaryň" 6-njy bölüme ýüzleniň:
Ýerleşdirmegiň esasy ýörelgeleri;- Bölek söwda nokatlary (POS) üçin, ýerleşdirmegiň esasy düzgünleri;
- Dürli görnüşli gaplara ýerleşdirmegiň düzgüni;
- Simwolyň eşiklere we onuň düzüm böleklerine ýerleşdirilmegi;
- Ammarlarda gaýtadan işlenýän harytlara simwollary ýerleşdirmegiň esasy düzgünleri;
- Egin-eşik we aýakgap üçin etiketkalaryň dizaýny, logistika belgisiniň etiketkasy.
10 ädim: Ştrih-kodlary çap etmegiň hiline gözegçilik
ISO/IEC 15416 Standart “Çyzykly nyşanlar üçin ştrih-kody çap etmegiň hilini barlamak testiniň aýratynlyklary” simwol çap edilen soňra, onuň hilini bahalandyrmagyň usulyny beýan edýär. ISO-nyň talaplaryny kanagatlandyryjy Werifikator (barlag enjamy) simwoly adaty skaner ýaly okaýar we şonuň bilen birlikde, onuň hiline baha berýär.
GS1 ISO/IEC usulyýetini ulanýar we ulanylýan simwola, ulanylyş gurşawyna we kodlanýan maglumata laýyklykda, ştrih-koduň her bir görnüşi üçin, iň pes ölçegi kesgitleýär. Goşmaça hökmünde, GS1 ulgamy ulanylýan werifikatoryň aperturasynyň diametrini we ýagtylygyň tolkun uzynlygyny barlaýar.