GTIN – bu bütindünýä boýunça haryt birligini identifikasiýa etmek üçin ulanylýan özboluşly belgidir.
Haryt birligi – anyk kesgitlenilen häsiýetlere eýe bolan söwdanyň (haryt ýa-da hyzmat) islendik närsesi bolup, harydyň hereketiniň islendik tapgyrynda hyzmatdaşlaryň arasynda işewürlik amallaryny amala aşyrmak üçin, ony bilmeklik zerurdyr.
Identifikasiýa we haryt birliginiň nyşanlaýyn belgilenmesi bölek satuwy kassa arkaly satmagy (bahalary peýdalanmak arkaly), harytlary almagy, tükelleýişi geçirmegi, gaýtadan buýurmagy, satyşy we işewürlik amallaryny giň gerimde seljermegi awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Mysal üçin: ahyrky sarp edijä satylan kraskaň gaby, alty kraska gaby bolan guty; gazon üçin 1 kilogram döküni bolan 24 ýaşikli konteýner; saç üçin bir şampunly we bir kondisionerli multi-gap.
Ştrihli kodlamak – GS1-ň dünýä boýunça indentifikator açarlarynyň kömegi bilen, söwdanyň närselerini özboluşly identifisirlemekdir. GS1 standartlaryna laýyklykda, kody peýdalanmak hukugy haryt nyşanynyň eýesine, öndürijä ýa-da harydyň distribýuterine (söwda ýumuşçysyna) degişlidir.
GTIN bermegiň düzgüni bilen şu ýerden tanyş.