ÖLÇEGLERI.
Ştrih-kodlary dürli ölçegde çap edip bolýar. Saýlanan ölçeg çap etmegiň şertlerine baglydyr. Gowy hilli çap edilen we çap edilýän ýeriniň ýüzi gowy bolsa, onda kiçi ölçegde çap edilen ştrih-kody ulanmak mümkin. Gabyň ýüzündäki giňişligi doldurmak maksady bilen, simwolyň ölçegini erkin usulda saýlamak bolmaýar. Ştrih-koduň her bir görnüşiniň ölçegi, onuň iň uly we iň kiçi ölçeginiň arasynda üýtgeýär. Göni çap etmek üçin, synagdan soň printer tarapyndan kesgitlenýär. Nokatlardan we çyzyklardan ştrih-kod döredýän ştrih-kod enjamy, ştrih-kodlaryň ähli ölçeglerini çap edip bilmez.
Ştrih-koduň ölçegi hakyndaky karar kabul edilende, üns bermeli möhüm ýagdaýlaryň birisi hem, okamak üçin enjamlaryň mümkinçiligini nazara almak zerurdyr. Bölek satuw önümleri üçin niýetlenen simwollar, çap etmegiň hiliniň peselmeýän ölçegine laýyklykda kiçi bolup biler, emma ammarlarda ulanylýan ştrih-kodlar awtoýükleýjiň sürüjisi tarapyndan uzak aralykdan okalmagy üçin, mümkin boldugyça uly bolmalydyr.
BOŞ ZOLAKLAR.
Ştrih-kodlaryň ähli görnüşlerinde, birinji we soňky ştrihden öň boş zolaklar hökman bolmaly. Boş zolak – ştrih-koduň örän möhüm bölegidir we ol hökman nazara alynmalydyr. Boş zolagyň meýdany ştrih-koduň simwolynyň görnüşine we ölçegine baglylykda üýtgeýär. Bu zolaklaryň arasyna çap etme, ştrih-koduň okalyşyna zyýan ýetirýär.
REŇKLER WE SAZLAŞYK.
Skanerler kölegäni ölçemek arkaly işleýärler. Goýy we ýagty ştrihleriň arasynda sazlaşygyň bolmagy zerurdyr. Ştrihleriň arasynda boşluklar emele gelmez ýaly, syýanyň ýeterlik derejede doldurylmagy zerurdyr. Ştrih-kodlary çap etmekde garylan reňkleri ulanmak bolmaýar. Dogry reňkleri ulanmak peýdalydyr. Skanerler gyzyl şöhle çykarýarlar. Adamyň görejini kanagatlandyrýan sazlaşyk, skaner üçin hemişe ýeterlik bolman biler. Ştrih-kodlar reňkli çap edilip bilner. Ştrih-kodlar haýsy reňkde bolup biler? Gyzyl we gülgüne ýaly ýagty reňkleriň ýagty zolaklara (ýa-da ştrihleriň arasyndaky boşluklara) we boş zolaklara gabat gelýändigi mälimdir. Gara, gök we ýaşyl ýaly goýy reňkler ştrihler üçin ulanylýar. Örän ýalpyldaýan ýere çap etmezden öň barlamak zerurdyr, sebäbi bu ýagdaý şöhlelenmäni üýtgedip bilýär. Içi görünýän gaplar sazlaşygy peseledýärler, şonuň üçin koduň barlag okalyşy gaplanan önümde geçirilmelidir.
ÇAP ETMEGIŇ HILI.
Başlangyç bahanyň bozulmazlygyny üpjün etmek üçin, ştrih-kod çap etmegiň hili yzygiderli barlanmalydyr. Ştrih-kodlary çap etmegiň hilini hilini kesgitlemegiň köp usuly bar. GS1 agzasy bolan guramamyz bu meselede size maslahat berip biler. Çap etmegiň hiline wizual baha bermek hem ulanylyp bilner. Mysal üçin, ITF – 14 simwolynyň içinde H harpynyň ölçegini çap etmek.
SIMWOLLARY ÝERLEŞDIRMEK BOÝUNÇA GÖZÜKDIRIJI.
Skaneriň öndürijiligi we takyklygy ştrih-koduň ýerleşýän ýeri öňünden kesgitlenende has-da ýokarlanýar. Şol bir ýeri yzygiderlili saýlamak ştrih-koduň okalyşyny ýokarlandyrýar.
HARYTLARYŇ DÜRLI GÖRNÜŞ BIRLIKLERINE SIMWOLLARY ÝERLEŞDIRMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY.
Ştrih-kod, şol sanda adamyň aşakda okaýan sanlary (anyklaýyş belgisi) görünmeli we skaneriň okamagyna hiç-hili päsgelçilik bermeli däl.
Gaba dürli belgili iki sany ştrih-kody çap etmäge rugsat berilmeýär. Bu, esasanam multi-paketler, hususanda içi görünýän multi-paketler üçin has hem möhümdir. Multi-paketlerde ähli içerki ştrih-kodlardan tapawutly GTIN belgileri ýerleşdirilmeli. Eger haryt birligi gabat gelşi ýaly gaplanýan bolsa, onda gabyň daşyna şol bir ştrih-kod birnäçe ýere çap edilmelidir. Gabyň tekiz ýüzünde skaner bilen okamak has amatlydyr. Gyralarda, eplenen ýerlerde, bogunlarda, tikinlerde we beýleki tekiz däl ýerlere çap etmekden saklanyň.Gabyň nädogry görnüşi, skaneriň parallel çyzygyna amatly bolar ýaly ştrih-kody çap etmäge mümkinçilik bermeýär. Şu ýagdaý çişirilen we eplenen gaplara hem degişlidir.Ştrih-kody çap etmegiň usulyny saýlanyňyzda çap etmek işiniň aýratynlyklaryny nazara alyň. Mysal üçin, flexografiki çap edişde, syýanyň akýanlygy sebäpli ştrih-kody çap etmegiň ugruna laýyklykda çap etmelidir. Litografiýa usulynda akyş kän bir ähmiýetli däldir. Şonuň üçin, ähli ýagdaýlarda çap edip beriji bilen maslahatlaşmak maslahat berilýär. Silindr harytlarynda, çap etmegiň ugry mümkinçilik berýän bolsa, haryt birliginiň dik duran ýagdaýynda zolaklary keseligine çap etmek makul hasaplanylýar. Bu çözgüt banka ýa-da çüýşe ýaly çişip duran harytlary birlikleri üçin kabul edildi. Bu usul kiçi göwrümli çişip duran meýdanlar üçin örän gowy çykalgadyr.
Iň gowusy ştrih-kody gabyň arka tarapynyň aşaky sag tarapynda, ştrih-kodlaryň simwollarynyň töwereginde “boş zolaklary” talabyny we gyranyň düzgünini ýerine ýetirmek bilen girizmekdir. Alternatiw çykalga hökmünde, gabyň öň tarapynyň aşaky burjunda ýerleşdirmek çykyş edip biler. Gyranyň düzgüni: ştrih-kod gabyň/gutunyň haýsy gyrasyna ýerleşdirilse hem, gyra 8 mm ýakyn ýa-da 102 mm daş bolamly däldir.
LOMAÝ ÖNÜMLERE ŞTRIH-KODUŇ ÝERLEŞDIRILIŞI.
Iki ýanaşyk ýerde iki bellik (ýa-da ulanylýan simwol) iki garyşyk taraba ýerleşdirilmeli – gysga we sag uzyn (ammar amallarynda olar belligi hemişe görmäge mümkinçilik berýär). Iň az sany – ýüz tarapyndan başgasynda bir birlik bolmalydyr.
Bir metr beýiklikden pes gutular. Ştrih-koduň aşaky gyrasy gabyň aşaky gyrasyndan 32 mm uzaklykda bolmalydyr. Boş zolagy hasaba almak bilen, ştrih-koduň simwollary gapdal gyralardan iň azyndan 19 mm uzaklykda bolmaly. ITF-14 ştrih koduny ulananyňyzda, ştrih-koduň daşky serhedi, gutunyň gapdal gyralarynyň aşa sag we çep zolaklaryndan 19 mm daşlykda bolmaly.