Şuny Verified by GS1 kömegi bilen barlaň.
Siziň söwda hyzmatdaşlaryňyza azyk önümleri hakynda takyk maglumatlar zerur. Sarp edijileriň Siziň önümiňize bolan ynamy doly we ygtybarly maglumata esaslanýar.
Biz maglumatlaryň işewürligi dolandyrýan dünýäsinde ýaşaýarys. Elektron işewürligine degişli söwda saýtlary sarp edijilere millionlarça önümleri hödürleýärler we her gün adaty dükanlarda milliardlarça ştrih-kodlar skanerden geçirilýär. Gynansagam, bölek satuwy amala aşyrýan söwdegärler we elektron işewürliginiň platformalary, satylýan azyk önümlerini azyk önümleri hakynda ýeke-täk ygtybarly maglumaty peýdalanmak arkaly, ygtybarly barlap bilmeýärler. Verified by GS1 kömegi bilen, Siz “Şu azyk önümi, hakykatdan-da meniň pikir edýän önümim mi?” diýen soraga jogap berip bilerisiňiz.
GS1 nämäni barlaýar?
Verified by GS1 – bu, kompaniýanyň bellenen prefiksi (GCP) ýaly binýatlyk ygtyýarnama barlaglaryndan başlap, ştrih-kod hakynda doly maglumata (GTIN) we bir ygtybarly çeşmeden - GS1 Global Registry-dan önümiň esasy maglumat atributlaryna çenli her önümiň hakykylygyny barlamak mümkinçiligini berýän global hyzmatdyr. GS1 tarapyndan barlandy hyzmaty bütin dünýä boýunça elektron söwda platformalary, brendleriň eýeleri we bölek satuw söwdegärleri tarapyndan önümleriň gaýtalanmagy, nätakyk maglumatlar we galp önümler bilen bagly meseleleri çözmek üçin ulanylýar. Hyzmat önüme berlen özboluşly ştrih-kod belgisini – GTIN (Global Trade Item Number) alty sany alamaty bilen barlamaga mümkinçilik bermek bilen, söwdegarleriň, söwda nyşanlarynyň eýeleriniň we sarp edijileriň arasyndaky ynamy ýokarlandyrýar.
“GS1 tarapyndan barlandy” nähili işleýär?
Brendiň eýeleri GS1 önümleriniň ýerli maglumat binýady (Önümleriň katalogy) arkaly öz önümleri hakyndaky maglumaty paýlaşýarlar, bölek satuw bilen meşgullanýan söwdegärler we elektron işewürlik platformalary bolsa, Verified by GS1 hyzmatynyň kömegi bilen, islendik wagt bu maglumatlary alyp bilýärler.

Verified by GS1 hyzmatyna önüm hakynda nähili maglumatlar berilýär?
Verified by GS1 – önümi identifikasiýa edýän karta bolup, ol sürüjilik şahadatnamasyna ýa-da raýat pasportyna barabardyr.GS1 global reestrine girizilen her bir önüm, ştrih-koduň özboluşly belgisine we alty sany esasy alamata eýedir:
1. Söwda birliginiň global belgisi (GTIN)
2. Brendiň ady
3. Harydyň beýany
4. Önümiň şekliniň URL-salgysy
5. Önümiň global klassifikatory (GPC)
6. Netto agramy we ölçeg birligi
7. Ýerleýiş bazary
“GS1 tarapyndan barlandy” türkmen brendleriniň eýeleri üçin nähili işleýär?
GS1 Turkmenistanyň agzalary/söwda nyşanlarynyň eýeleri GS1 Turkmenistan ýerli katalogy peýdalanmak arkaly, öz önümleriniň GTIN-i we önüm hakyndaky maglumaty GS1 global reestrine berip bilýärler we «GS1 Barlandy» bölümde tapyp bilersiňiz.