-
10 sentýabr 2018
«Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň» başlygy türkmen-awstriýa biznes-forumynyň işine gatnaşdy
Sentýabr aýynyň 4-6 aralygynda «Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň» başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekiliýetiniň düzüminde Wena şäherinde iş sapary bilen bolup, «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly Maýa goýum – hyzmatdaşlyk forumynyň işine gatnaşdy.
-
30 awgust 2018
Hususy telekeçiligiň wekilleri boş iş orunlarynyň ýöriteleşdirilen ýarmarkasyna gatnaşdylar
Awgust aýynyň 30-yna türkmen paýtagtynda işe ukyplylygy çäklendirilen adamlar üçin niýetlenen boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçirildi. Durmuş taýdan ähmiýetli bolan bu çäräniň guramaçysy bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy çykyş etdi.
-
30 maý 2018
«GS1 Türkmenistanyň» başlygy GS1 – 2018 Baş Assambleýasynyň işine gatnaşdy
Maý aýynyň 14-17 aralygynda Hytaýyň Hançjou şäherinde GS1 Halkara assosiasiýasynyň (birleşiginiň) nobatdaky Baş Assambleýasy geçirildi.
-
21 maý 2018
«G1 Türkmenistan» işiniň üç ýyllygyny belläp geçdi
«G1 Türkmenistanyň» işi, ýurtda GS1 Halkara standartlaryna esaslanýan köp ugurly bütindünýä anyklaýyş ulgamynyň, çyzykly şertli belgilemäniň we elektron kommunikasiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
-
25 aprel 2018
Türkmen-özbek işewürlik hyzmatdaşlygyna täze badalga berlen
Aprel aýynyň 24-üne Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet iş saparyna bagyşlanan türkmen-özbek işewürlik forumy geçirildi. «International Hotel Tashkent» myhmanhanasynyň mejlisler otagynda pudaklaýyn edaralaryň we müdirlikleriň, Söwda-senagat edaralarynyň, ylmy we okuw edaralarynyň, iki ýurduň iri hususy telekeçilik kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri duşuşdylar. Işewürlik foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi şeýle-de, Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy öz ygtyýarly wekillerini iberdiler.
-
27 mart 2018
«GS1 Türkmenistanyň» nobatdaky umumy saýlaw-hasabat ýygnagynyň netijeleri jemlendi!
Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy özüniň dört ýylyň dowamynda alyp baran işiniň netijelerini jemledi.
-
01 fewral 2018
Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy halkara standartyna laýyklykda sertifikasiýalaşdyryldy
TÇŞBMG halkara sertifikatlaşdyrmasyna eýe boldy. Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy «GS1 Türkmenistan» ISO 9001:2015 (hiliň menejmenti ulgamynyň standartyna) laýyklykda sertifikata eýe boldy.
-
20 dekabr 2017
GS1 in Europe Müdirler maslahatynyň mejlisi
GS1 Ýewropa bölüminiň Müdirler maslahatynyň mejlisi geçirildi. Dekabr aýynyň 12-13-i aralygynda Kölnde (Germaniýa) GS1-yň Ýewropa sebitiniň Müdirler maslahatynyň mejlisi geçirildi we bu mejlise Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy A.Mälikgulyýewanyň gatnaşdy.
-
05 dekabr 2017
TK TM 08-iň iş maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Russiýa Federasiýasynyň paýtagtyna iş saparynyň çäklerinde TK TM 08 «Awtomatlaşdyrylan anyklaýyş we maglumatlary ýygymy boýunça standartlaşdyrmak» milli tehniki komitetiniň başlygy A.Mälikgulyýewa MTK 517 döwletara tehniki komitetiniň jogapkär kätibi Sergeý Andreýuk bilen duşuşdy.
-
05 dekabr 2017
Türkmen oba-hojalyk önümlerini öndürijileriň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen
Noýabr aýynyň 21-24-i aralygynda Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň (GS1 Türkmenistan) başlygy Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň wekiliýetiniň düzüminde Russiýa Federasiýanyň paýtagtynda boldy.
-
14 noýabr 2017
Telekeçi-zenanlar sebitleýin forumyň çäginde duşuşdylar
Noýabr aýynyň 14-ne, Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji Konferensiýasynyň (RECCA VII) çäginde, Türkmenistanyň we ençeme sebitleýin döwletleriň telekeçi-zenanlarynyň duşuşygy geçirildi. Telekeçi-zenanlaryň forumyna gatnaşmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň aýaly – Rula Gani, hem-de Owganystandan, Hindistandan, Gyrgyzystandan we Päkistandan telekeçi-zenanlar çagyryldy. Olar özleriniň telekeçilik işi barada gürrüň edip, ony guramagyň tejribesi, geljekki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň maksatlary bilen paýlaşdylar.
-
03 noýabr 2017
Pragada GS1 Ýewropa Sebitleýin forumy geçirildi
Oktýabr aýynyň 30-yndan, noýabr aýynyň 2-si aralygynda Pragada «Corinthia» oteliniň kongress zalynda GS1 Ýewropanyň nobatdaky Sebitleýin forumy geçirildi. Çehiýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen çäre 200-den gowrak gatnaşyjylary özünde jemledi. Milli guramalaryň ýolbaşçylarynyň hatarynda bu çärä “GS1 Türkmenistanyň” başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa hem gatnaşdy.
-
25 oktýabr 2017
Bikanun getirilýän harytlara garşy göreşmek maksady bilen
Oktýabr aýynyň soňky on günlüginde Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň Biznes merkezinde bikanun getirilýän harytlara we olary biziň ýurdumyzyň çäklerine getirilmegine garşy göreşmegine bagyşlanan ýygnak geçirildi.
-
15 sentýabr 2017
«GS1 Türkmenistan» Aziada–2017 taýýarlygyna öz goşandyny goşýar
«Aşgabat – 2017» taslamasynyň amala aşyrylmagyna, döwlet düzümleriniň edaralary bilen bir hatarda, iýmit bilen üpjün etmek we guramak ýaly jogapkär işleriň amala aşyrylmagy, V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylaryna, köpsanly myhmanlaryna hem-de Türkmenistanyň paýtagtynda ilkinji sapar geçirilýän sebitleýin sport forumynyň tomaşaçylaryna söwda we başga hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi ynanylan hususy kärhanalary we jemgyýetçilik guramalary hem işjeň gatnaşýar.
-
17 iýul 2017
TK TM 08-iň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlendi, gelejekki maksatlary kesgitlendi
Iýul aýynyň 17-sine «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynda Türkmenistanyň standartlaşdyrmak boýunça tehniki komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibinde, bu düzümleriň şu ýylyň ikinji çärýeginde 2017-nji ýyl üçin iş Meýilnamasy esasynda standartlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri babatyndaky meselä garaldy.
-
22 iýun 2017
Seminar
Bikanun getirilýän harytlaryň öňüni almak boýunça özara hyzmatdaşlygyň maksatlary kesgitlenildi. Iýun aýynyň 21-ine Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň Biznes merkezinde Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň, Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň we «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tanyşdyrylyş seminary geçirildi.
-
17 maý 2017
Gender meselesi – Horwatiýada geçirilen GS1 forumyň temasy.
Iýun aýynyň 14-17-si aralygynda Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy A.Mälikgulyýewa zenanlaryň liderlik häsiýetleriniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, GS1 Halkara guramasy tarapynda ilkinji gezek guralan foruma gatnaşdy.
-
19 maý 2017
«GS1 Türkmenistan» - GS1-2017 Baş Assambleýasynyň wekili
Maý aýynyň 15-18-i aralygynda London şäherinde GS1 AISBL Halkara Assosiasiýasynyň Baş Assambleýasy geçirildi. Foruma GS1 Global Ofisiniň ähli esasy bölümçeleriniň, GS1 Milli guramalarynyň hem-de çagyrylan guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
-
18 maý 2017
«GS1 Türkmenistanyň» döredilenine iki ýyl doldy
Maý aýynda Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy özüniň «GS1 AISBL» ýeke-täk standartlarynyň döredilmegi we ornaşdyrylmagy boýunça Halkara düzüminde agzalygynyň iki ýyllygyny belläp geçdi.
-
10 dekabr 2016
Türkmenistan GDA-nyň territoriýasynda awtomatlaşdyrylan anyklaýyş tilsimatlary standartlaşdyrmak boýunça işine işjeň gatnaşýar
TK TM 08 «Awtomatlaşdyrylan anyklaýyş we maglumatlar ýygymy boýunça standartlaşdyrmak» Türkmenistanyň Milli tehniki komiteti 2016-njy ýylyň oktýabr aýynyň 12-sine Moskwada geçirilen MTK 517 «Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary» standartlaşdyrmak boýunça tehniki komitetiniň nobatdaky mejlisine doly ygtyýarly agza hökmünde ilkinji gezek gatnaşdy.