Ştrihli kodlamak – GS1-ň dünýä boýunça indentifikator açarlarynyň kömegi bilen, söwdanyň närselerini özboluşly identifisirlemekdir. GS1 standartlaryna laýyklykda, kody peýdalanmak hukugy haryt nyşanynyň eýesine, öndürijä ýa-da harydyň distribýuterine (söwda ýumuşçysyna) degişlidir.
NÄME ÜÇIN ŞTRIHLI KODLAR MÖHÜM?
Ştrihli kodlar işewürlik ulgamlary we onlaýn söwda meýdançalarynyň aglabasy üçin talap edilýär. Olar häzirki zaman awtomatlaşdyrylan söwda meýdançalarynda söwda etmek üçin zerurdyr. Şol bir wagtda, ştrihli kodlar Siziň önümleriňiziň eltip bermegiň ähli halkasy boýunça hereketine we Siziň müşderileriňize hem-de hyzmatdaşlaryňyza önümleriňiz hakynda möhüm maglumaty almaga mümkinçilik berýärler.
BIR PREFIKS – KÖP MÜMKINÇILIKLER

GS1 ulgamynyň ulanyjysy boluň!
Siziň kärhanaňyzda ştrihli kod ulgamyny girizmek bilen baglanyşykly ilkinji hökmany ädim bolup, GS1 Türkmenistana agza bolmagyňyz çykyş edýär. Agzalyk Size Kompaniýanyň özboluşly prefiksini almak arkaly, bütindünýäde GS1 ulgamyny kanuny esaslarda peýdalanmaga hukuk berýär. GS1 Türkmenistanda hasaba alnandan soňra, Siziň kärhanaňyza kompaniýanyň GS1 483 NNNN belgili özboluşly prefikisi berilýär. NNNN – Siziň kärhanaňyzyň hasaba alnyş belgisi, 483 – GS1 halkara gurmasynyň GS1 Türkmenistan assosiýasyna beren prefiksi bolup, ol Size önümleriňizi GTIN belgisi bilen hasaba almaga we kärhananyň ýerleşişiniň halkara GLN koduny almaga hukuk berýär. Şeýle hem, kärhananyň GS1 Türkmenistan saýtynda şahsy otagy döredilýär we onda kärhana öz önümlerini onlaýn görnüşde hasaba aldyryp hem-de GTIN täze belgilerini döredip bilýär.
NÄMEDEN BAŞLAMALY?
1. Ştrihli kodlamagy girizmek boýunça hereketler bilen tanyşmaly.
2. Siz ştirhli kodlamak üçin zerur bolan önümleriň mukdaryny kesgitlemeli.

3. Arzany doldurmaly, zerur bolan resminamalary tabşyrmaly we giriş tölegini tölemeli.
4. Resminamalary info@gs1-tm.org elektron salgysyna ibermeli ýa-da GS1 Türkmenistanyň ofisine getirip tabşyrmaly.