Döwletler, söwda nyşanlarynyň eýeleri, distribýuterler, bölek söwdagärler we sarp edijiler üçin bikanun söwda we önümleriň galplaşdyrylmagy ýaramaz täsirleri döredýän düýpli meseleleriň biri bolup durýar.
GS1-iň agzalary bikanun söwda garşy göreşmek bilen, sarp edijilere gönükdirilen goşundylar bilen sazlaşygy ýokarlandyrmak, ýüze çykýan kemçilikleri çäklendirmek we has giň gerimde gurşamagy çaltlandyrmak maksady bilen, GS1 standartlarynyň binýadynda çözgütleriň gerimini giňeldýärler.
GS1 standartlary bikanun söwda garşy netijeli guraldyr
Soňky ýyllaryň dowamynda GS1 döwlet edaralary, ykdysady agentler we beýleki taraplar bilen hyzmatdaşlykda, global standartlaryň bikanunsöwda garşy göreşde nähili kömek edip biljekdigini öwrendi. GS1 açyk standartlary bikanun söwda garşy göreşde guramalar we ykdysady operatorlar tarapyndan, önümleri identifikasiýa etmekde özboluşly we ygtybarly gural hökmünde ykrar edilýär.
Ýewropa komissiýasy GS1 gurallaryny ulanmak arkaly, azyk önümlerini we temmäki önümlerini yzarlamagyň umumyýewropa ulgamyny döretmäge we onuň işlemegini ýola goýmaga resmi ýagdaýda çagyrdy.
Temmäki önümleriniň bikanun söwdasyna garşy göreşmek hakyndaky Ýewropa reglamentde GS1 açyk standartlary görkezilýär.
ÝB-niň 2018.574 belgili reglamentinde ulag serişdeleriniň identifikasiýasy üçin GS1 (SSCC) transport konteýnerleriniň seriýa kodlaryny we temmäki önümlerini identifikasiýasy üçin GS1 (GTIN) harytlaryň söwdasynyň global belgilerini peýdalanmagyň mümkinçiligi bellenilýär. Yzarlamagyň bu ulgamy bildirilýän talaplara gabat gelmeýän we bikanun temmäki önümleriniň dolanyşygyny aradan aýyrmaga, ilatyň saglygyny goramagy we salgyt ýitgilerini azaltmaga ýardam berer.