Yzarlamak – azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksatnamasynda täze ugur.
Identifikasiýa we maglumaty dolandyrmak – önümi çalt we anyk tapmagyň ýa-da yzyna almagyň guraly.
GS1 ulgamynyň mukdaýnazaryndan işe bolan garaýyş.
Yzarlamak – niýetlenişi ýa-da azyk önümleri hökmünde peýdalanylmagy nazara alynýan azyk önümleriniň, iýmleriň, mallaryň we mal önümlerinden gelip çykýan düzüm birlikleriniň önümçiligiň, gaýtadan işlemegiň we paýlamagyň ähli tapgyrlarynda hereketiniň ýerleşýän ýerini we gelip çykyşyny yzarlamak mümkinçiligidir.
Yzarlamagy ornaşdyrmak üçin üpjünçilik zynjyrynyň ähli tapgyrlarynda, önümiň ýa-da önümleriň toplumynyň gelip çykyşyny, ýerleşýän ýerini we daşalyşynyň ugruny kesgitlemäge mümkinçilik berýän çözgütleri durmuşa geçirmek zerurdyr.
Yzarlamagyň netijeli ulgamynyň – önümleri üpjünçilik zynjyrynda başyndan soňuna çenli yzarlamaga mümkinçilik döretmegi möhümdir. Ýagny, Sizi gyzyklandyrýan önümiň häzirki wagtda “Nirededigi?” we onuň gelip çykýan ýerini kesgitlemäge mümkinçilik berýän “Nireden gelendigi” soraglaryňyza doly maglumat bermelidir.
Daşalyşyny we ýerleşýän ýerini (treking) yzarlamak – üpjünçilik zynjyrynyň ähli ugry boýunça önümleri bir ýa-da birnäçe jähtler (mysal üçin, önümiň toparynyň belgisi, ýaramlylyk möhleti we ş.m.) boýunça kesgitlemäge mümkinçilik berýän çäreleriň toplumydyr. Trekingden iş ýüzünde önümi yzyna gaýtaryp almak zerurlygy ýüze çykanda peýdalanylýar.
Gelip çykýan ýerini yzarlamak (treýking) gözlegi birnäçe jäht boýunça amala aşyrmaga mümkinçilik bermek bilen, üpjünçilik zynjyrynyň ähli tapgyrynda anyk önümiň gelip çykýan ýerini we onuň bilen bagly häsiýetleri kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Söwdanyň globallaşmagy, “just in time” (anyk kesgitlenen senä öndürmek) ýörelgesi boýunça iş alyp barýan öndürijileri önümçilik we üpjünçilik zynjyrlarynyň çylşyrymlaşmagy, önümçiligiň we işiň merkezleşdirilmegi netijesinde, sarp edijileri “dogry” önümi “dogry” baha bilen üpjün etmegiň ýollarynyň aglabasyna täzeden seretmegiň zerurlygyny şertlendirdi.
Öň azyk önümleriniň howpsuzlygy öndürijileriň meýletin jogapkärçiligine degişli hökmünde kabul edilýärdi. Ýöne, 2001-nji ýylyň dekabr aýynda 2001/95/EC belgili Azyk önümleriniň umumy howpsuzlygy hakynda Ýewropa Direktiwasynyň (EU Directive2001/95/EC on General Product Safety) we 2002-nji ýylyň ýanwarynda 178/2002 belgili Azyk önümleriniň howpsuzlygy hakynda Ýewropa düzgünleriniň çap edilmegi bilen, bu ugurdaky işe düýpli üýtgeşmeleriň girizilmegine getirdi. Bu resminamalarda kesgitlenen talaplar, degişlilikde 2004-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan we 2005-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.
Häzirki wagtda, yzarlamak – kanuny talap bolup, şereketler üçin täze düzgünleri ýerine ýetirmelimi ýa-da ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmalymy diýip, saýlamaga hukuk bermeýär. Degişli ulgamlaryň we işleriň durmuşa ornaşdyrylmagy bolsa, bäsdeşlige ukyply bolmagy üpjün edýär.
Maglumatlary dolandyrmak nukdaýnazaryndan, üpjünçilik zynjyrlaryna yzarlamak ulgamynyň ornaşdyrylmagy, işe gatnaşýan hyzmatdaşlaryň ählisinden, materiallar, ýarym taýýar we taýýar önümleri beýan edýän maglumatlary umumy maglumatlar bilen yzygiderli esasda birleşdirmek zerurdyr. Bularyň ählisi üpjünçilik zynjyryna umumy garaýşy talap etmek bilen, GS1 – işewürlik diliniň ulanylýan ýagdaýynda iň gowy netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.
Bazaryň yzarlamak babatyndaky maslahatlaryny doly derejede kabul etmegi üçin, GS1 olary işläp taýýarlanda gyzyklanma bildirýän pudaklaýyn guramalar (GCI, ECR Europe, CIES) we döwletara edaralar (ISO, CODEX), şeýle hem AIM halkara assosiýasy işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.
GS1 ulgamynyň mümkinçiliklerini we ulanyjylara berilýän kömegi has-da ösdürmek üçin, yzarlamagyň binýatlyk ýörelgeleri kesgitlenilip bilner we olary elýeterli tehnologiýalar we degişli GS1 Ulgam gurallary bilen baglanyşdyrýan durmuşa ornaşdyryş ädimleriniň yzygiderliligi döredilip bilner.
| Yzarlamak ýörelgeleri | Elýeter tehnologiýalar | GS1 ulgamynyň serişdeleri |
| Özboluşly kesgitlemek | Awtomatik usulda kesgitlemek | GTIN, SSCC, GLN, Ulanylýan kesgitleýjiler |
| Maglumatlaryň ýygnalmagy we ýazylmagy | Maglumatlaryň awtomawtik usulda ýygnalmagy | EAN/UPC, UCC/EAN-128 |
| Aragatnaşygy dolandyrmak | Maglumatlaryň elektron usulda işlenilmegi | Programma goşundylary |
| Maglumatlaryň alyş-çalşygy | Maglumatlaryň elektron usulda alyş-çalşygy | EANCOM®/XML |
GS1 web sahypasynda has giňişleýin maglumat.