KIÇIGÖWRÜMLI ÖNÜMLER
GTIN-8 anyklaýyş belgileri, diňe GTIN-13 ştrih-kodlaryny ýerleşdirmäge mümkinçilik bermeýän harytlar babatynda ulanmaga rugsat berilýär. Olar, diňe GS1 agzalary bolan Milli guramalar tarapyndan öndürijiniň haýyşy boýunça bellenilýär.
GTIN-8 belgisiniň gurluşy GTIN-14, GTIN-13, GTIN-12 tapawutlydyr. Ol diňe GS1 prefiksinden, önüm belgisinden we barlag sanyndan ybaratdyr. Onda, kärhananyň san belgisi ýok we önümiň san belgisi GS1 Türkmenistan tarapyndan bellenilýär.

GS1 prefiksi – 483 belgi, GS1 halkara guramasy tarapyndan GS1 Türkmenistan guramasyna berlen belgi;
Harydyň N4 N5 N6 N7 belgisini GS1 Türkmenistan her bir haryda aýratyn berýär;
N8 barlag sany belgiň öňki sanlaryna görä hasaplanýar we belginiň dogrulygyny hem-de ştrih-koduň okalyşynyň dogrulygyny barlamak üçin ulanylýar;
Ulanyjy GTIN-8 anyklaýyş belgisini ulanmak babatynda karar kabul etmezden öň, ilkinji nobatda GTIN-13 belgini ulanmagyň ähli mümkinçiliklerini (hususan-da ştrih-kody çap etmek nukdaýnazaryndan) seljermelidir:
- Simwolyň ölçegi kiçeldilip, ýagny printeriň ştrih-kody çap edişiniň hilini nazara alyp, ulatmagyň kiçi koefissiýentinde çap edilip bilnermi?
- Ýüzi (Ýüz – resmileşdirilen we çap edilen aýratyn ýa-da goşulan ýokarky gatlak) oýlanyşykly üýtgetmek mümkinmi. Bu EAN/UPC simwolyny etiketka ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ol ýüzün täzeden resmileşdirilmegi, etiketiň ölçeginiň ulaldylmagy (aýratynda gabyň meýdany bilen deňeşdirilende etiketiň ölçegi kiçi bolan halatynda) ýa-da goşmaça ýüzüň ulanylmagy bilen gazanylýar.
- Gysgaldylan simwoly ulanmak mümkinmi? Gysgaldylan simwol (belgi kadaly uzynlykda, beýikligi boýunça gysgaldylan) diňe ştrih-kody doly ölçegde çap etmek mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda rugsat berilýär. Has gysgaldylan simwol iş ýüzünde ulanmak üçin ýaramly däl. Bu mümkinçiligi nazara alýan ulanyjylara, ylalaşygy gazanmak üçin öz müşderileri bilen maslahatlaşmagy maslahat berýäris.
GTIN-8 belgisi diňe aşakdaky ýagdaýlarda ulanylýar:
- Çap edilýän etiketiň meýdany 40 sm2 az bolsa ýa-da çap etmegiň umumy meýdany 80 sm2 az bolsa
- Diamtri 3 sm az bolan silindr görnüşli harytlarda.

GTIN-8 ştrih-kodunyň nominal ölçegi (100%)