GTIN-13 dakmak

Tassyklanylan görkezijileri we ölçegleri bolan sarp ediş harytlarynyň EAN-13 standart (26.26 mm * 37.29 mm) etiketkasyna ştrih-kody girizmek mümkin bolsa, onda olar GTIN-13 belgileri bilen anyklaşdyrylýar. Senagatda öndürilýän harytlaryň aglabasy bu görkezijä gabat gelýär. Mysal üçin, çakyr çüýşesi, konserwalar, süýt önümleri, taýar tikin önümleri we ş.m.

GTIN-13 halkara belgisini döretmek bilen baglanyşykly ilkinji ädim bolup, halkara guramanyň agzasy bolan GS1 Türkmenistandan, şerekediň GS1 prefiksini almagy çykyş edýär.

Şerekediň GS1 prefiksi önümiň haryt nyşanynyň eýesi, harydy öndüriji ýa-da paýlaýjy şereket tarapyndan soralyp bilner.

GTIN-13 belgisiniň gurluşy

Prefiks 483 we kärhananyň belgisi – diňe şerekediňize berlen özboluşly belgidir we döreden her bir ştrih-koduňyzyň we beýleki GS1 Anyklaşdyryş açarlaryňyzyň bir bölegidir.

Alnan GTIN-13 belgisi bütin dünýäde ýeke-täkdir we ol diňe sizň harydyňyzy anyklaşdyrylýar.

EAN GTIN belgisiniň grafiki şekilidir.

Kärhana 100 müňe çenli harydy belgiläp biler. 

GS1 Türkmenistan, ulanyjy agzalaryna onlaýn önüm binýadyny alyp barmaga mümkinçilik berýär. Agzalarynyň haýyşy boýunça GS1 Türkmenistan täze haryt atlaryny bellige alýar we harytlara belgi berýär.

Biz GTIN-13 belgini ulanýan GS1 Türkmenistanyň agzalary tarapyndan öndürilen ähli sarp ediş harytlary hakyndaky maglumatlar binýadyny alyp barýarys

GTIN-13 belgi

EAN-13 ştrih-koduň nominal ölçegi (100%)

Общие размеры штрих-кодов EAN-13