DOLANYŞYGY ÇÄKLENDIRILEN ANYKLAŞDYRYŞ BELGILERI
Dolanyşygy çäklendirilen anyklaşdyryş belgileri: bir kärhananyň ýa-da harydy belgileýän milli guramanyň çözgüdi boýunça bir ýurduň çäginde üýtgeýän ululykly harytlaryň mukdaryny anyklaşdyryşmak üçin, diňe deslapky ylalaşylan giňişligiň çäklerinde peýdalanmak üçin niýetlenendir.
Käwagtlar, dolanyşygy çäklendirilen anyklaşdyryş belgileri “üýtgeýän ululykly harytlaryň mukdaryny” kodlamak üçin belgiler hökmünde ýalňyş atlandyrylýar. Bu önüm bölek we lomaý söwdanyň obýekti bolup biler.
Dolanyşygy çäklendirilen anyklaşdyryş belgileriniň söwda subýektleri we lomaý logistik merkezlerinde ştrih-kodlar görnüşinde peýdalanylmagy, iki sany esasy meseläni çözmäge ýardam berýär:
– öndüriji (üpjün ediji) tarapyndan GTIN bilen üpjün edilmedik ýa-da öndüriji tarapyndan diňe onuň söwda merkezlerinde satylmaga niýetlenilen önümleri anyklaşdyryşmakda;
– üýtgeýän ululykly mukdardaky harytlary kodlamak, ýagny, yzygiderli esasda üýtgäp bilýän mukdarda sargyt edilýän, öndürilýän we satylýan harytlary kodlamak, mysal üçin, kabel, matalar, rulondaky pol üçin ýapynja, gök önümler, miweler, et önümleri, arpalar we ş.m. Bu önümleriň bölek bahasy üýtgeýän görkezijilere bagly bolup durýar (mysal üçin, agramy, uzynlygy, göwrümi we ş.m.), şunuň bilen baglylykda, bu önümler ştrih-kodlary okaýan jemleýji kassa apparatlarynda ýa-da ýörite kompýuter ulgamlarynda hasaba almak üçin, anyklaşdyryş kodlary adatça söwda subýektleri ýa-da lomaý-logistik merkezleri tarapyndan berilýär.
GS1 halkara ulgamynda GTIN-13-de 02, 20-29 prefikslerinde we GTIN-8-de 0 we 2 prefikslerinde dolanyşygy çäklendirilen anyklaşdyryş belgileriniň emele getirmegiň tertibi we düzgünleri hakyndaky çözgüt her bur ýurt tarapyndan özbaşdak kabul edýändigi kesgitlenendir.
Summary of GS1 Prefixes 20-29 by GS1 Member Organisation
Türkmenistan GS1 ulgamyna beýan edilen hem-de 02 we 20–29 belgili aýlanyşygy çäklendirilen prefikisleriň on üç derejeli belgileriniň gurluşynyň umumylaşdyrylan görnüşi, aşakdaky tablisada görkezilýär.
Türkmenistan GS1 ulgamynda üýtgeýän mukdardaky harytlar üçin, GTIN-13 02 we 20–29 prefiksli gurluşy
|
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
7 |
8 |
9 |
10 |
11 |
12 |
13 |
| 0 | 2 | R | R | R | R | R | R | R | R | R | R | C |
| 2 | 0 | R | R | R | R | R | R | R | R | R | R | C |
| 2 | 1 | R | R | R | R | R | R | R | R | R | R | C |
| 2 | 2 | R | R | R | R | R | R | R | R | R | R | C |
| 2 | 3 | R | R | R | R | R | R | R | R | R | R | C |
| 2 | 4 | R | R | R | R | R | R | R | R | R | R | C |
| 2 | 5 | R | R | R | R | R | R | R | R | R | R | C |
| 2 | 6 | Türkmenistan GS1 geljekde peýdalanmagy üçin ätiýaçlygy | C | |||||||||
| 2 | 7 | I | I | I | I | I | W | W | W | W | W | C |
| 2 | 7 | I | I | I | I | V | W | W | W | W | W | C |
| 2 | 8 | R | R | R | R | R | R | R | R | R | R | С |
| 2 | 9 | R | R | R | R | R | R | R | R | R | R | C |
| R – hemişelik häsiýetli harydyň kody bolup, GS1 ulgamynyň ştrih-kody öndüriji (üpjün ediji) tarapyndan goýulmadyk, söwda kärhanasy tarapyndan goýulýar;
I – Türkmenistan GS1 tarapyndan üýtgeýän ululykdaky haryda berilýän kod; W – üýtgeýän görkezijini aňladýar – ölçeg (agram, mukdar); V – bahasynyň ýa-da hiliniň gözegçilik derejesi; С – GTIN-13 gözegçilik derejesi. |
||||||||||||
27-nji prefiks on üç san belginiň düzüminde Türkmenistan bilen söwda etmek üçin, üýtgeýän mukdardaky harydy (önümi) anyklaşdyryş maksady bilen 27-nji prefiks ulanylýar, bu üpjün edijiniň harytlaryny üpjünçilik zynjyrynda özboluşly kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu anyklaşdyryş, üýtgeýän mukdardaky harydy (önümini) satyjylara ibermezden öň gaplaýan, GS1 Türkmenistanyň agzasy bolan kärhanalaryň sargytlary boýunça GS1 Türkmenistan tarapyndan berilýär. Kodlar ýörite maglumatlar binýadynda, harydyň (önümiň) aýry-aýry birlikleri üçin GTIN-leriň berlişi we hasaba alnyşy ýaly tertipde berilýär we hasaba alynýar. Göwrümiň (agram ýa-da mukdar) üýtgeýän ululygyny aňlatmak üçin berilýän koduň galan derejeleri, goşmaça barlag derejesi ýa-da şonsuz haryt (önüm) gaplananda berilýär. Şeýle emele getirilen çäklendirilen dolanyşykly anyklaşdyryş belgi, etiketka ştrih-kod görnüşinde girizilýär. Söwda subýektleriniň içinde üýtgeýän mukdardaky önümleri belgilemek üçin, 26-27 prefiksli anyklaşdyryş belgileri ulanmak gadagandyr.