Kärhananyň goşmaça global prefiksi

Guramamyza agzalyga kabul edileniňizden soňra, biz size Kärhananyň global prefiksini (GPC - Global Company Prefix) berýäris. Bu belgi sizň kärhanaňyz üçin özboluşlydyr. Siz ony öz önümleriňiziň, ýerleşýän ýeriňiziň, hyzmatlarynyzyň we ş.m. identifikasiýa etmäge kömek berjek belgileri döretmekde peýdalanyp bilersiňiz.

Eger siz, Kärhanaňyzyň hakyky prefikisiniň esasynda emele getirilen ähli belgileri peýdalanan bolsaňyz, siz goşmaça prefiksi almak üçin ýüz tutup bilerisiňiz.

Biz kärhananyň prefiksini 1 000, 10 000 ýa-da 100 000 belgi araçäginde hödürleýäris. Eger, size bu prefiksleriň köpüsi gerek bolsa, onda iň ýokary araçäkde bolan birini saýlaň, bu size ýyllyk ygtyýarnama töleglerini tölemekde serişdeleriňizi tygşytlamaga we sizi köp mukdarda belgiler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

 Kärhananyň goşmaça global prefiksini almak üçin, biz bilen habarlaşyň.